Nýu-Ýork dünýäniň iň uly maliýe merkezleriniň sanawynda birinji orny eýeledi diýlip, Z/Yen Group Ltd. maliýe konsalting kompaniýasynyň synynda aýdylýar. Bu barada interfax.ru habar berýär.
Dört ýyl mundan ozal Nýu-Ýork reýtingde Londondan öňe geçdi we şondan bäri öňdebaryjylygy bermän gelýär.Reýtingiň mart aýynda neşir edilen öňki görnüşi bilen deňeşdirilende, Nýu-Ýork 1 utuk gazanyp, häzir 760 görkeziji bilen liderlik edýär, London bolsa bäş utuk gazanyp, görkezijini 731-e ýetirdi.
Liderleriň üçlügini Gonkongy dördünji orna düşüren we Londona bäş utuk aralyk bilen ýakynlaşan Singapur jemleýär.Bäşinji orny San-Fransisko, altynjy orny Şanhaý, ýedinji orny Los-Anjeles, sekizinji orny Pekin, dokuzynjy orny Şençžen, onunjy orny bolsa Pariž eýeleýär.
Sidneý birbada 10 orun ýokary galyp, 13-nji orny eýeledi.Berlin 16 orun süýşdi we häzir 26-njy orunda ýerleşýär.Indeksde birden pese gaçyşy Jakarta görkezdi, ol birbada 26 orun, ýagny 95-nji orna yza çekildi.
Liderleriň arasynda Tokio ýaramaz netije görkezdi, ol ýedi setir aşak düşüp, 16-njy orny eýeledi.Geljek iki-üç ýylyň dowamynda haýsy maliýe merkezleriniň öz täsirini ýokarlandyrjakdygy baradaky soraga jogap berenler Seul, Singapur we Gujrat ýaly şäherleri bellediler.
Dünýäniň maliýe merkezleriniň indeksi ilkinji gezek 2007-nji ýylda neşir edildi we her ýarym ýyldan täzelenýär (häzirki hasap boýunça 32-nji boldy).Soňky reýting 11,9 müňden gowrak adamdan pikir soraşmanyň esasynda düzüldi.