Apple kompaniýasy ýakynda örän üstünlikli bolan iPhone 12 tapgyrynyň smartfonlaryny hödürledi. Kompaniýa 90 milliondan gowrak iPhone bilen üpjün edip, ähli rekordy täzelemegi we 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde smartfonlaryň dünýä bazarynda lider bolmagy başardy.
iPhone 12 — kompaniýanyň bäşinji nesil toruna eýe bolan ilkinji smartfony boldy.Habar çeşmeleri iPhone 13 tapgyrynyň uly göwrümli içki fleş ýada eýe bolan iň bolmanda bir modeli öz içine aljakdygyny habar berýärler.
Apple-iň şu ýylyň güýzünde 1 TB göwrümli fleş ýady bolan iPhone 13 Pro-ny çykarmagyna garaşylýar.Bu iPhone 12 hataryndaky iň ýokary göwrümli ýatdan iki esse uludyr. Ähtimal, iPhone 13 Pro Max hem şeýle göwrümli saklaýjy bilen elýeterli bolar.
Mundan öň, iPhone 13 tapgyrynyň täze smartfonlarynyň Wi-Fi 6E tehnologiýasyny göterjekdigi habar berildi.Apple iPhone 13 tapyrynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda bolmagyna garaşylýar.