iPhone 12 mini smartfonynyň önümçiligi ýatyrylýar

iPhone 12 mini smartfonynyň önümçiligi ýatyrylýar

Apple şereketi geçen ýylyň oktýabr aýynda 5,4 dýuýmly we OLED displeýli bolan, kompaniýanyň iň arzan täze smartfony hasaplanýan iPhone 12 mini ykjam telefonlaryny çykardy. Bu smartfonlaryň satuwy kompaniýa girdeji gazanmaga kömek etmedi. Ýöne, girdejili bolmasa-da, iPhone 12 mini häzirki wagtda iPhone hatarynda iň köp satylan model bolup durýar.

JPMorgan Chase-iň analitigi Wilýam Ýang iPhone 12 we iPhone 12 mini smartfonlarynyň önümçiliginiň 9 - 11 milliona ýetendigini çaklady we bu modele bazaryň pes islegi bilen baglanyşykly nyrhy pes satuwyň bolandygyny belläp geçdi.

Analitikleriň çaklamalary tassyklansa, şu ýylyň ikinji çärýeginde iPhone 12 mini smartfonynyň önümçiligi we satuwy ýatyrylar. Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, iPhone 12 mini smartfony iPhone taryhynda iň gysga möhletli flagman modeli bolar.

Ýene degişli makalalar

8 günlügine kosmosa gitdiler, haçan geljekleri belli däl
Lebapdaky teatrda William Şekspiriň komediýasy sahnalaşdyrylýar
Şöhläni epläp bolarmy?
Şekspiriň ýygyndysy 10 million dollara satyldy
Şekspiriň ýygyndysy 10 million dollara satyldy
Ýeke-täk golýazma internete goýuldy