“iPhone 12”-leriň satylmagyna girizilen gadaganlyk aýrylar

Golaýda Fransiýada “iPhone 12”-leriň satuwy gadagan edilipdi. Ýurtda Elektron enjamlaryň ýaýradýan tolkunlarynyň güýjüne gözegçilik edýän Milli tolkun agentligi (ANFR) jemi 141 telefon modelinde geçirilen barlagda “iPhone 12”-leriň hem radiasiýa mukdarynyň ýokarydygynyň anyklapdy. Şeýlelikde, bu telefonlaryň satuwy wagtlaýyn togtadylyp, öndüriji kompaniýadan täzelenmesini ýaýratmagy talap edilipdi. “Apple” kompaniýasy hem gyssagly täzelenme ýaýratjakdygyny mälim edipdi. “Apple”-iň täzelenmesini synagdan geçiren fransuz ygtyýarlylar ony tassyklady. Şeýlelikde ýurtda “iPhone 12”-leriň satuwynyň gaýtadan başlanmagyna garaşylýar.

“Apple”-iň “iPhone 12”-ler üçin ýaýradan täzelenmesiniň başga haýsy ýurtlarda elýeterli boljakdygy mälim edilmedi.

Ýene degişli makalalar

Apple ABŞ-da 500 milliard dollarlyk tilsimat boýunça maýa goýar
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
Apple kompaniýasynyň iPhone 15 eltelefonlaryna isleg azaldy
Uly girdeji gazandy
“iPhone 15” onlaýn görnüşde hödürlener
Stiw Jobsuň ogly täze şereketi işe girizmekçi
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar