Iordaniýanyň Daşary işler ministri Eýmen as-Safedi paýtagt Ankarada saparda bolar.
Daşary işler ministri Hakan Fidan ertir iordaniýaly kärdeşi bilen duşuşar.
Duşuşykda Ysraýylyň sebitde guraýan hüjümleri meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.
Ministr Fidan, Ysraýylyň Gazada edýän gyrgynçylygynyň we Liwana guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin Iordaniýanyň berýän goldawynyň möhümdigini nygtar we Liwanda iş alyp barýan BMG-nyň wagtlaýyn parahatçylyk güýjüne guralan hüjüme ünsi çeker.
Hakan Fidan bilen Eýmen as-Safedi duşuşykda özara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşar.
Ministr Safedi 2023-nji ýylyň iýul aýynda Türkiýede saparda bolupdy.
Iki kärdeş soňky gezek geçen aý BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde duşuşypdy.