Iordaniýanly we Liwanly Kärdeşler Sebitde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Iordaniýanly we Liwanly Kärdeşler Sebitde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Iordaniýanyň Premýer-ministri Jafer Hassan, Liwanly kärdeşi Nejib Mikati bilen Ysraýylyň sebitde emele getiren dartgynlygy hakynda pikir alyşdy.

Iordaniýanyň resmi PETRA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Liwanyň Premýer-ministri Mikati, İordaniýanyň paýtagty Omana guran resmi saparynyň çäginde kärdeşi Hassan bilen duşuşdy.

Duşuşykda Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleri bilen birlikde sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iordaniýanyň Premýer-ministri Hassan, ýurdunyň Şa Abdullah II-nyň tabşyrygy boýunça Liwana goldaw berýändigini aýtdy.

Myhman Premýer-ministr Mikati hem Iordaniýanyň hökümeti we halky hökmünde Liwana berýän goldawyna kanagatlanma bildirýändiklerini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Erdogan Omanyň Soltany Bilen Metbugat Ýyganagyny Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde 3 Müň 481 Adam Ýogaldy
Ysraýyl, Beýrudyň Günortasyny Bombalamaga Dowam Edýär
Hakan Fidan Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy