Iordaniýanyň, Saud Arabystanynyň, Yragyň, Müsüriň we Siriýanyň daşary işler ministri siriýaly bosgunlaryň howpsuz ýagdaýda ýurtlaryna dolanmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.
Iordanyň Daşary işler ministri Aýmen as Safedi, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan, Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri, Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýin we Siriýanyň daşary işler ministri Faýsal al Mikdad İordaniýanyň paýtagty Ammanda duşuşdy.
Metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen duşuşykdan soň berlen beýannamada, İordaniýanyň, Saud Arabystanynyň, Yragyň we Müsüriň daşary işler ministriniň Siriýa krizisiniň we onyň sebitde ýerleşýän ýurtlara ýetirýän ýaramaz täsiriniň ortadan aýrylmagyna uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Beýannamada, ministrleriň, Siriýanyň daşary işler ministri Faýsal al Mikdad bilen gepleşikleriň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandygyna üns çekildi.
Beýannamada BMG-nyň edýän tagallasyna laýykşykda gepleşikleriň dowam etdiriljekdigi bellenildi.
Beýannamada, Siriýaly bogunlaryň meýletin we howpsuz ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaklary üçin gyssagly degişli çäreleriň görüljekdigi ýatladyldy.