Iordaniýa we Siriýa kontrabanda garşy serhet howpsuzlygyny berkitmek boýunça ylalaşdy

Iordaniýa we Siriýa kontrabanda garşy serhet howpsuzlygyny berkitmek boýunça ylalaşdy

Iordaniýanyň Şasy Abdullah we Siriýanyň wagtlaýyn Prezidenti Ahmed al Şara ýurtlarynyň serhetlerinde ýarag we bikanun neşe söwdasyna garşy göreşmek boýunça ylalaşdylar.

Şa Abdullah paýtagt Ammanda geçirilen maslahatda Ysraýylyň Siriýa guran soňky hüjümini ýazgardy we liderleriň ikisem kontrabanda garşy göreş üçin serhet utgaşyklygynyň möhümdigini nygtadylar.

Golaýda häkimiýet başyna geçen Şara düzgün bozmalary ortadan aýyrmaga söz beren bolsa, Iordaniýa Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegine we energiýa üpjünçiligine goldaw berer.

Ýene degişli makalalar

Müsür we Iordaniýa palestinalylar üçin bilelikde hereket eder
Eýranyň Prezidenti: "Janyna kast ediş jogapsyz galmaz" diýdi
Iordaniýanly we Liwanly Kärdeşler Sebitde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Türkiyäniň daşary işler ministri Iordaniýada geçiriljek Gaza temaly maslahata gatnaşar
Hakan Fidan Iordaniýada geçiriljek Gaza temaly maslahata gatnaşar
Malaý edebiýaty