Internetde Täze ýyl arçasyny bezemegi öwredýän wideo ýerleşdirildi

Internetde Täze ýyl arçasyny bezemegi öwredýän wideo ýerleşdirildi

Çagalaryň we ulularyň iň söýgüli pişesi bolan Täze ýyl däpleriniň biri, ýagny arçanyň şahalaryndan nädip bezeg çyrasyny asmalydygyny öwredýän wideo internetde goýuldy we olary hemmeleri haýran galdyrdy. Bu barada Mail.ru ýazýar.

Ony Angliýanyň Günbatar Ýorkşir diýen ýerindäki Bredford şäherinden bolan Kler Huper ýerleşdirdi.

Huper wideoda çyralary arçada terslin-oňlyn ýerleşdirmegi maslahat berýär. Bezegçi ilki çyralary arçanyň dik depesinde ýerleşdirip, soňra ony iň aşaga çenli uzaltmagy, soňra ýene yza — arçanyň başyna çekmegi maslahat berýär, şeýle usulda soňra çepe-saga, saga-çepe dowam edibermeli. Mahlasy, tä çyrajykly ýüp gutarýança dowam etmeli.

Şeýle usul internetden peýdalanyjylary haýran galdyrdy, olar bu usul barada öň bilmeýändiklerine gynanýandyklaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ajaýyp asyryň ýyldyzy türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy
GAR-da gülgün reňkli pili surata düşürdiler
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar
2024-nji ýylyň martynda boljak magnit hadysalarynyň seneleri mälim edildi
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr