Internet tizligi ýene-de peseldi, ilatyň 'nägileligi ýokarlanýar'

Internet tizligi ýene-de peseldi, ilatyň 'nägileligi ýokarlanýar'

Türkmenistanda ýene internetiň güýji peseldi. Türkmenbaşy şäherinde IMO-nyň tasdan işlemeýändigi habar berilýär. Bu ýagdaý ilat arasyndaky nägileligiň ýokarlanmagyna, şikaýat arzalaryny ýazýanlaryň köpelmegine sebäp bolýar. Käbir maglumatlara görä, internetiň peselmegi howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň arasyndaky korrupsiýa, bikanun gazanç etmek 'praktikasy' bilen bagly.

Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjynyň sözlerine görä, öý telefonynda her sekunda 6mb tizlikli internet mümkinçiligi bolan raýatyň internet tizligi gündizlerine sekuntda 150 kb tizlige çenli peselýär.

“Internet tizliginiň hatda sekuntda 50 kb tizlige çenli peselip galýan wagty hem köp bolýar, şäher aragatnaşyk edarasynyň sorag-jogap gullugy bu ýagdaý barada berilýän soraglara diňe welaýat boýunça internet nurbatynyň ýapylýandygyny aýdyp düşündiriş berýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Ýöne ol geçen ýyldan bäri, sekunda 6mb tizligi bolan internete geçilip, internet tizliginiň bu hili pese gaçanyny entek görmändigini we beýle zady hiç kimden eşitmändigini hem sözüne goşdy.

Türkmenistan dünýäde iň bir gymmat we haýal internetli ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Ýöne häzirki ýagdaýy, internet tizliginiň şeýle görülmedik derejede peselmegini häkimiýetleriň dilden berýän görkezmesi bilen baglanyşdyrýan hünärmenler hem bar.

Türkmentelekom kompaniýasynyň Türkmenbaşy aragatnaşyk öýüniň hünärmeni, özüni Rahman atlandyryp, Azatlygyň habarçysyna şäherdäki internet tizligini häzirki şertlerde sekuntda 10 mb tizlige çenli ýokarlandyrmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Hünärmeniň tassyklamagyna görä, internet tizliginiň peselmegi ýokardan berilýän buýruk’ bilen bagly.

“...ýokardan rugsat bermeýärler, şäherde 500kb/s tizlikde, gijesine 12-den 6:00a çenli 1mb/s internet bermek boýunça ýokardan, dilden berlen görkezme bar. Bizler diýlen tizlikden ýokary berip bilemizok. Hatda tmcell öýjükli internet 4G hem 150kb/s 500kb/s-dan köp bermek gadagan edildi” diýip, hünärmen aýtdy.

Aýdylmagyna görä, internet tizliginiň ýokardan berilýän buýruk esasynda peseldilmeginiň sebäbi ýaşlaryň internetde oýnaýan humar oýunlary, uly bergä batyp, özüni heläkleýän ýaşlaryň köpelmegi, netijede PUBG Mobile ýaly kiber sport oýunlarynyň eýýäm petiklenmegi bilen baglanyşdyrylýar. Ýöne Azatlyk ýaşlaryň arasynda humar oýunlary sebäpli özüni heläkleýänleriň köpelendigi barada aýdylýanlary ýerinde, garaşsyz ýagdaýda ýa-da döwlet statistika maglumatlary esasynda barlap, tassyklap bilmeýär.

Türkmenistanda bu oýunlaryň petiklenendigini, şeýle-de ilatyň AnyDesk elýeterliliginden kesilendigini “Turkmen.News” neşiri hem habar berdi. Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, PUBG Mobile oýunlary mundan öň, fewralyň aýagynda hem petiklenipdi.

Azatlygyň habarçysy bu petiklemeleriň ol oýunlary oýnaýanlaryň ählisiniň öňüni baglap bilmändigini, internetde PUBG oýunlaryny oýnaýan ýaşlaryň arasynda bu petiklemelerden sowlup geçýänleriň hem az däldigini habar berýär.

“Dogry, vpn tapmak kynlaşdy, ýöne tapsa bolýar, aragatnaşyk telekoma seredýän howpsuzlyk işgärleri, gazanç etmek üçin, käbir vpn kodlaryny teklip edip başlady. Ýöne ilat arasynda ynamly hasaplanýan vpn-ler yzygider petiklenýär” diýip, ýaşaýjylaryň biri emeldarlaryň petikleme şertlerinde girdesiji artýan vpn biznesinden peýda görjek bolýana çalym edýändigini öňe sürdi.

Azatlygyň habarçysy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Türkmenbaşy, Balkanabat şäherleriniň telefon dükanlarynda işleýän satyjylar bilen söhbetdeş boldy.

Anonimlik şertinde gürleşen bir satyjynyň sözlerine görä, ýörite gulluklaryň işgärleri iphone telefonlaryna bolýan ios vpn-lerini satyjylara berip, vpn üçin 1 aýlyk kodyň bahasyny 300 manat möçberinde belleýärler we telekeçilere 300 manada satan her vpn-inden 50 manat peýda görmek rugsadyny berýärler. Şeýle-de, olar satyjylaryň beýleki vpn kodlaryny satmagyny gadagan edýärler diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Bu hili ýagdaýyň dörändigi garaşsyz neşirlerde hem habar berildi.

“Turkmen.News” neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň kiber howpsuzlygy edarasynyň işgärleri “ak” IP adreslerini satýarlar.

“Interneti petiklemek olar üçin pul gazanmagyň serişdesine öwrüldi” diýip, garaşsyz neşiriň ýurtdaky internet petigi barada beren soňky habarynda aýdylýar.

Ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň arasynda, internet tizliginiň peselmegi, telefon aragatnaşygynyň ýaramazlygy ilat arasyndaky nägilelikleriň barha köpemegine sebäp bolýar.

“Öý internetiniň tizligiginiň peselmegi, IMO-nyň hem vpn-siz kadaly işlemezligi ýaşaýjylaryň gaty gaharyny getirýär, Türkmenbaşyda indi internetiň güýji Horjun tw, Belet film ýaly ýerli platformalary hem işletmäge ýetmäýr” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Ýerli aragatnaşyk edarasynyň hünärmeni Azatlygyň habarçysyna ilatdan “her aý 500-den gowrak şikaýat arzasynyň gelip gowuşýandygyny, olara ýazmaça jogap berip ýetişip bolmaýandygyny” gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)
Tecno Mobile brendi Spark 10 smartfonlarynyň täzelenen tapgyryny tanyşdyrdy
Elektroulag öndürijisi üç sany zawod gurar
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Iň ýokary tizlikli internet tory guruldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny