Kosowanyň hökümet başlygy Albin Kurti SpaceX kompaniýasynyň internet tory Starlink-e ýurtda internet hyzmaty hödürlemegi üçin ygtyýar berlendigini belledi. Kurti munuň Kosowada sanly infrastrukturanyň ösdürilmegi üçin ähmiýetli ädimdigini belläp, ýurduň ähli ýerinde internete birikmek üçin mümkinçilikler hödürleýändigini aýtdy. Şeýle hem Premýer-ministr Starlink-iň tebigy heläkçilikler we gyssagly ýagdaýlarda aragatnaşygy ýola goýmakda ähmiýetlidigine ünsi çekdi.
SpaceX kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýän Starlink taslamasynyň çäklerinde dünýäniň ähli ýeriniň gönüden-göni internet arabaglanyşygy bilen üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar. Kompaniýa Ýeriň aşaky orbitasyna jemi 12 müň kiçi göwrümli emeli hemra uçurmagy meýilleşdirýär. Taslama 2027-nji ýylda tamamlanar.