“Interiň” täze transferleri

Italiýanyň wise-çempiony “Inter” topary iki täze transferini äşgär etdi. “Inter” topary “Aýaksdan” şertnamasy tamamlanan kamerunly derwezeçi Andre Onanany hem-de “Romadan” gaýdan ermenistanly ýarymgoragçy Genrih Mhitarýany düzümine goşdy.Nerazzurililer 26 ýaşly derwezeçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol “Interden” ýyllyk 3 million ýewro hak alar.33 ýaşyndaky Mhitarýan bolsa 2 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi. “Inter” tejribeli oýunça her ýyly üçin 3,5 million ýewro tölär. “Inter” 2 gün öň Romelu Lukaku bilenem şertnama baglaşypdy.

Ýene degişli makalalar

Çelsi we Tuhel barada...
Holann het-trikleriň hökümdary
DÇ-2022: Belgiýa Horwatiýa bilen deň oýnap, ýaryş bilen hoşlaşdy
Belgiýalylar öýlerine gaýtdylar, Marokko bilen Howatiýa 1/8 finala çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasy bilen gepleşikler geçirdi, Turkish Airlines Aşgabada uçuşlaryň sanyny artdyrar, Belarusyň söwda tekjelerinde Türkmenistandan getirilen pomidorlar peýda boldy we beýleki habarlar
ÝÇL 1/8 final: Inter Lukakunyň ýeke-täk goly bilen Portuny ýeňdi