Interaktiw usulda bilim bermegiň ähmiýeti

Bilim ulgamynda öwrenijileri (talyplar we diňleýjiler) okatmakda esasy üç usul ýörgünli hasaplanýar.Olar passiw, aktiw we interaktiw usullarydyr.Interaktiw sözi iňlis dilinden terjime edilende inter ara we act hereket diýen manyny aňladýar. Ýagny, interaktiw usuly mugallym bilen talyplaryň hem-de talyplaryň öz arasynda maglumatlaryň we pikirleriň erkin alyşmaklygyna aýdylýar.

Interaktiw usulda bilim bermekligiň modul görnüşinde bolmagy bilen, durmuşda duş gelýän ýagdaýlary, iş tejribesi bilen bagly oýunlary we toparlaýyn meseleleri çözmek ýaly işler jemlenýär.Modul görnüşinde bilim bermekligiň esasyny az sanly talyplardan ybarat toparlar düzýär.

Interaktiw usulynda köp halatlarda wideo we audio maglumatlar peýdalanylýar.ABŞ-nyň Merilend ştatynyň milli trening merkeziniň geçiren barlaglarynyň netijesinde talyplara berilýän bilimleriň özleşdiriş derejesi göterim gatnaşygynda seljerilýär.Alnan barlaglar boýunça umumy okuwlaryň 5 göterimi, okamagyň 10 göterimi, wideo we audio maglumatlaryň 20 göterimi özleşýändigi ýüze çykaryldy.

Diýmek, okuw sapaklarynda wideo we audio maglumatlary peýdalanylsa öwrenijilerde özleşdiriş derejesi hem artýar.

Interaktiw usulda bilim bermek bilen birnäçe şertleriň ýerine ýetirilmegi zerurdyr.Birinjiden, sapaga ähli öwrenijileriň gatnaşmagy, ýagny ähli talyplarda gyzyklanma döredýän tehnologiýany peýdalanmaly.Ikinjiden, talyplaryň psihologiki taýýarlygyny hasaba almaly.

Bu ýerde talyplaryň sapaga gatnaşmaga taýýarlyk derejesi barada aýdylýar.Onuň üçin sapaga başlamazdan öň geçilen sapaklar boýunça ýönekeý soraglar bilen gyzyklandyrmaly we bahalandyrmaly.Netijede, talybyň degişli sapak boýunça gyzyklanmasy döreýär we özüniň bilim derejesini artdyrmak boýunça höwesi kemala gelýär. Üçünjiden, toparlardaky talyplaryň sany 25-den köp bolmaly däl.

Sebäbi öwrenijileriň sany bilimiň hili bilen berk baglydyr.Dördünjiden, okuw otagy talyplaryň erkin hereket etmegi üçin amatly we degişli ders boýunça çyzgylar, görkezme esbaplar bilen gurnalan bolmaly.Bäşinjiden, ähli ediljek işler yzygiderliligi we wagty kesgitlenen bolmagy.

Altynjydan, söhbetdeşlik sapagyna talyplaryň gyzyklanma bilen gatnaşyk derejesine üns bermeli.Ilkinji söhbetdeşlik sapaklarda meýletin çykyş etjek talyplary diňlemeli, soňky söhbetdeşlik sapaklarda islendik bir talypdan soramak maksadalaýyk hasaplanýar.

Okatmagyň interaktiw usuly okuwlaryň we sapaklary ähli görnüşlerinde ulanylyp bilinýär.Mysal üçin: umumy okuwlarda: umumy okuwyň binar (iki mugallymyň ýolbaşçylygynda geçirilýär) görnüşi, umumy okuwyň wideo görnüşi, umumy okuwyň press-konferensiýa görnüşi, tegelek stol, keýs-usuly, interwýu, talyplary işjeňleşdirmek üçin ýörite oýunlar we başgalar degişli.

Söhbetdeşlik sapaklaryna: webinar, onlaýn-söhbetdeşlik, kollokwium, portfolio usuly, Beýnä hüjüm etmek usuly we başgalar degişli.Amaly sapaklara: wirtual maslahatlar, toparlaýyn çekişme, Agaçly çözgüt usuly we başgalar degişli.Tejribe sapaklara: microworlds (mikrodünýä), imitasiýa oýunlar, laboratoriýa we türgenleşdiriji serişdelerinde geçilýän sapaklar degişli.

Okatmagyň döwrebap interaktiw usulynda mugallymyň wezipesi düýpgöter üýtgeýär.Sapak ýolbaşçysy esasy maglumat berýän şahs bolman, gerekli bilimleri almaga gönükdirýän we sazlaýan guramaçy bolup öňe çykýar.Sapagyň meýilnamasyna laýyklykda, wajyp soraglar ara alnyp maslahatlaşylýar.

Interaktiw usulynda sapagyň geçiriliş görnüşleriniň netijeli bolmagy bilen öwrenijiler özüniň geljekki hünär işi boýunça amaly endiklerini, başarnyklaryny we täze tejribeleri gazanýarlar.Bu bolsa okatmagyň degişli usulynyň möhümdigini kesgitleýär.

Tirkiş Baýramow,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Halkara üstaşyr ulag ulgamlaryna bagyşlanan maslahat we sergi
Mejlisiň wekilleri Parlamentara bileleşigiň guran duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistan Parlamentara bileleşigiň wideomaslahatyna gatnaşdy
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar geçirildi
09.12.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar geçirildi
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar