“Inter” “Ýuwentusy” ýeňdi, “Napoliden” 6 golly ýeňiş

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 18-nji tapgyrda 2 derbi oýnaldy. “Italia” derbisinde “Inter” öz meýdançasynda “Ýuwentusdan” 20 hasabynda üstün çykyp, 1 oýny artykmaç birinji orna beýgeldi. “Intere” ýeňiş getiren gollary Widal (12) bilen Barella (52) derwezä girizdi.

Düýnki oýnalan duşuşyklaryň birinde “Napoli” öz meýdançasynda “Fiorentinany” kabul edip, garşydaşyny 6-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýer eýelerine ýeňiş getiren gollary Insinýe (2), Demme, Lozano, Zielnski hem-de Politano derwezä girizdi.

Hepdäniň anna güni oýnalan Rim derbisinde “Lasio” ezeli bäsdeşi “Romany” 30 hasabynda ýeňmegi başardy. “Serie A”-da 3 duşuşyk golsuz tamamlandy. 18-nji tapgyr şu gijeki “Kaliari”“Milan” duşuşygy bilen tamamlanar.

The post “Inter” “Ýuwentusy” ýeňdi, “Napoliden” 6 golly ýeňiş appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Ýyldyz oýunçy 15 ýyldan soň öz yklymyna dolandy
Ikinji duşuşyklar tamamlandy
“Realyň” 150-nji, Ronaldonyň 96-njy ýeňşi
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar