“Inter”, “Milan” we “Atalanta” toparlarynyň täze transferleri

Italiýanyň “Inter” topary düzümine 2 futbolçyny kärendesine goşdy. Milan şäheriniň wekili sebitdeşi “Monza” toparyndan brazliýaly goragçy Karlos Augustony transfer etdi. 24 ýaşyndaky oýunçy 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. “Inter” oýunçynyň kärende tölegi hökmünde “Monza” klubuna 4,5 million ýewro berer. “Inter” topary möwsümiň ahyrynda-da 13 million ýewro berip ymykly transfer etmäge-de hukugy bar.

* * *

Milan şäheriniň wekili “Inter” Augustodan soň “Bolonýanyň awstriýaly ýyldyzy Marko Arnautowiçi hem kärendesine düzümine goşdy. 34 ýaşyndaky hüjümçi milanlylar bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. “Inter” topary Arnautowiçi möwsümiň ahyrynda ymykly transfer etmek isleseler 8+2 million ýewrony “Bolonýa” bermeli bolar. Arnautowiç 2009/10 möwsüminde-de “Interde” 3 oýunda meýdança çykypdy.

* * *

“Milan” topary Argentinanyň “Platense” toparyndan 21 ýaşyndaky goragçy Marko Pellegrinony transfer etdi. “Milan” ýaş goragçy üçin argentin klubuna 7 million ýewro berer. Geçen möwsüm “Platense” toparynda 17 oýunda meýdança çykan Pellegrino 1 gol geçirdi.

* * *

Şeýle-de “Milan topary 2 sap gapdalky wingerini klubdan ugratdy. “Rosseneri”-ler belgiýaly ýarymgoragçysy Şarl de Ketelareni “Atalanta” toparyna kärendesine berdi. 22 ýaşyndaky oýunçy bergamolylar bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Atalanta” topary Ketelareniň kärende tölegi hökmünde “Milana” 3 million ýewro berer.

Möwsümiň ahyrynda-da satyn almak islese 22+4 million ýewro berip, ymykly öz düzümine-de geçirip biler.Geçen tomsuda “Klub Brýuggeden” 28 million ýewro “Milana” transfer bolan De Ketelare köpüsinde ätiýaçdan oýna girip, 40 duşuşyk geçirdi.

* * *

“Milan” kluby braziliýaly wingeri Junior Messiasy hem “Jenoa” toparyna kärendesine iberdi. 32 ýaşyndaky 2 möwsüm “Milanda” çykyş edip, ol 68 oýunda 12 gol geçirdi. Ol “Milandan” öň “Krotone” toparynda oýnaýardy.

Ýene degişli makalalar

“Inter” birinji orna geçmekden boýun towlady
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Transfer täzelikleri
Inter ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýnunda Atletikodan üstün çykdy
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi