“Inter” meşhur derwezeçini transfer etdi

Kamerunly derwezeçisi Andre Onanany “Mançester Ýunaýtede” ugradan “Inter” topary “Bawariýanyň” tejribeli derwezeçisi Ýann Sommeri transfer etdi.Italýan topary 34 ýaşyndaky şweýsar derwezeçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Inter” topary Sommeriň transfer tölegi hökmünde-de nemes klubuna 6 million ýewro tölär.

Geçen gyşda “Bawariýa” transfer bolan Sommer münhenlileriň düzüminde 25 oýunda derwezäni gorady.Ol “Bawariýadan” öň “Borussiýa M” toparynda 8,5 möwsüm çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
16 duşuşyk 48 gol
Golden Boy 2023-iň ýeňijisi mälim edildi
Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi
Stambulda 6 golly duşuşyk