“Inter” birinji orna geçmekden boýun towlady

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 20-nji tapgyryň galdyrylan 3 duşuşygy oýnaldy.Geçen möwsümiň çempiony Inter myhmançylykda “Bolonýa” bilen duşuşdy.Eýýäm 3-nji minutda “Inter” Perişiçiň goly bilen 1-0 öňe geçdi. Ýer eýeleri 28-nji minutda Arnautowiçiň goly bilen hasaby deňledi.

Duşuşykda “interli” futbolçylar birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmediler.Duşuşygyň 81-nji minutynda derwezeçi Radunyň gödek ýalňyşlygyndan soň Sansone topy boş derwezä gönükdirdi. Şondan soň “Interlileriň” bir urgusynda topy “boloniýaly” goragçylar derwezäniň alkymyndan çykarmagy başardylar. Şeýlelikde, “Inter” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy we lider bolmak mümkinçiligini elden giderdi. 34 duşuşykdan soň “Milanyň” 74, “Interiň” 72 utugy bar.

Şeýle-de 20-nji tapgyryň galdyrylan beýleki 2 duşuşygynda “Fiorentina” öz meýdançasynda “Udinezeden” 4-0 utuldy (Mari 12, Deulofeu 36, Wollas 90+1, Udogi 90+5). “Atalanta” bilen “Torinonyň” arasyndaky oýunda 8 gol geçirilip, ýeňiş gazanan bolmady. Ýer eýeleri soňky 12 minutda 2 gol geçirip, hasaby deňlemegi başardy (Muriel 18 p, 84 p, De Roon 23, Paşaliç 78 Sanabriýa 4, Lukiç 36 p, 63 p, Froýler 67 ö.d.).

Duşuşykda emin 4 gezek penalti nokadyny görkezdi.

Ýene degişli makalalar

“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Türkmenistan Sport teleýaýlymynda Ýewropanyň futbol çempionatlarynyň oýunlarynyň dokuzysy göni ýaýlymda görkeziler