“Inter” 90-njy minutda ýeňildi, PSŽ arkaýynlyk bilen ýeňdi

UEFA Çempionlar Ligasynda 6-njy duşuşyklaryň çäginde “Baýer” öz meýdançasynda “Inter” bilen duşuşdy. “Baýer” topary çekeleşikli geçen oýnuň iň soňky minutynda, has takygy 90-njy minutda Nordi Mukieleniň goly bilen ýeňşini baýram etdi.

Bu olaryň 4-nji ýeňşi bolup, “Baýer” häzirlikçe 2-nji orna beýgeldi. “Inter” bolsa möwsümdäki ilkinji goluny geçirtdi we ilkinji gezegem ýeňlişe sezewar boldy. “Inter” topary umumylykda şu möwsümde 13 oýundan bäri ýeňilmän gelýärdi. “Interiň” ýeňilmeginden soň ýaryşda häzirlikçe diňe “Liwerpul” ýeňlişsiz, hatda utuk ýitirmezden ýörişini dowam edýär.

Pleý-offuň daşynda barýan PSŽ myhmançylykda “Red Bull Salsburgy” 3-0 hasabynda ýeňip, häzirlikçe 24-nji orna beýgeldi. Parižlilere ýeňiş getiren gollary Gonzalo Ramuş (30), Nuno Mendeş (72) hem-de Desire Due (85) geçirdi.

Ýene degişli makalalar

“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)
“Mançester Sitini” 4-1 ýeňen “Sporting” topary “Arsenaldan” 5-1 utuldy
UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
“Realdan” soň “Atletikony” hem ýeňdi
16 duşuşyk 48 gol
17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti