Inter Italiýanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynda myhmançylykda "Salernitanany" derbi-dagyn etdi. Oýnuň netijesinde, ol 1950-nji ýyldan bäri A Seriýada bir ýylda 100 gol geçiren ilkinji topar boldy. Bu barada rsport.ria.ru habar berdi.
Oýun myhmanlaryň peýdasyna 5:0 hasabynda tamamlandy.Gollary Iwan Perisiç (11-nji minut), Denzel Dýumfris (33), Aleksis Sançes (52), Lautaro Martines (77) we Roberto Galýardini (87) tora girizdi. Ýarym goragçy Hakan Çalhanoglu iki gezek gol pasyny berip, möwsümdäki asistleriniň sanyny ýedä ýetirdi we bu babatda topardaşy hem-de ýaryşyň lideri Nikola Barella bilen deňleşdi. “Inter” häzirki wagtda 43 utuk bilen birinji orunda barýar. "Salernitana" sekiz utuk bilen soňky setirde. "Salernitana" yzly-yzyna sekiz oýunda ýeňiş gazanyp bilmedi. “Inter” bolsa bassyr alty duşuşykda ýeňiş gazandy.