Dünýäniň öňdebaryjy çip öndüriji kompaniýalarynyň biri bolan “Intel” Polşada täze önümçilik desgasyny gurar. Munuň üçin 4,6 milliard dollarlyk maýa goýum özleşdiriler. Amerikan kompaniýasy Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde ýarymgeçirijileriň nou-hou we önümçiligi üçin 80 milliard ýewrolyk maýa goýum maksatnamanyň çäklerinde Wrocaw şäheriniň golaýynda ýarymgeçiji ýygnaýjy we synag desgasynyň guruljakdygyny mälim etdi.
Täze zawodyň 2027-nji ýylda işe girizilmegi we 2 müň iş ornunyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Gurluşygy dowam edýän zawody üpjünçilik zynjyry arkaly müňlerçe adamy iş bilen üpjün etjekdigi bellenilýär.
Kompaniýa 2021-nji ýylda geljek on ýylyň dowamynda Ýewropada 80 milliard ýewrolyk maýa goýum özleşdirip biljekdigini mälim edipdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň Irlandiýada we Fransiýada önümçilik desgalary hereket edýär. Şeýle hem “Intel”-iň Germaniýadaky zawodynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu zawod iş girizilenden soňra 3 müň iş orny emele geler.
Ýeri gelende bellesek, Ýewropa Bileleşigi 2030-njy ýyla çenli çip önümçiligini iki esse artdyryp, global önümçiligiň 20 göterimini öz çäginde öndürmek isleýär. Munuň üçin halkara kompaniýalara 40 milliard ýewrodan gowrak goldaw berler.