Iňlislere 1/8 finalda güýçli garşydaş garaşýar

/* custom css */ .td_uid_19_60d32478bfa9f_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60d32478bfa9f_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Ýewropa çempionatynda “D” toparçanyň oýunlary tamamlandy.

Futbolyň watany Angliýanyň ýygyndysy Wembley-de Çehiýany Rahim Sterlingiň 12-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 utup, toparçada birinji orny eýeledi. 3 oýunda 2 gol geçirip, 7 utuk toplan Angliýanyň ýygyndysy iň az gol bilen 2-nji tapgyra çykan ýygyndy boldy.

Bu ýeňişden soň Angliýanyň ýygyndysy nobatdaky tapgyrda-da Wembley-de duşuşar.Onuň indiki garşydaşy “F” toparçanyň, ýagny ölüm toparçasynyň wekili bolar.Bu toparçada 2-nji ýeri eýelejek ýygyndy 1/8 finalda Angliýa bilen duşuşar.

Angliýanyň ýygyndysy Fransiýadyr Germaniýanyň ýa-da Portugaliýanyň belki-de Wengriýanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.Häzirki wagtda nemesler bu ugurda öňde görünýär. “D” toparçada 2-nji ýeri Horwatiýanyň ýygyndysy eýeläp, Dünýä Kubogynyň wise-çempiony 3-nji duşuşygynda Şotlandiýany Wlaşiçiň, Modriçiň, Perişiçiň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi. 3-nji duşuşykdan ozal toparçada 1-nji orunda bolan çehler 3-nji ýer ýer bilen oňňut etmeli boldy.

Horwatlar 1/8 final “E” toparçanyň ikinjisi bilen duşuşar. Çehleriň indiki garşydaşy-da ýa Niderlandlar ýa-da “E” toparçanyň ýeňijisi bolar.

Ýene degişli makalalar

Ýewro-2020: Angliýa, Horwatiýa we Çehiýa pleý-off-a çykdy
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Horwatiýanyň düzümi belli boldy
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
Çelsi we Benfika ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy