Iňlisçe sözleri harplap aýtmak bäsleşigi geçirildi

21-nji oktýabrda ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda iňlis dilinde sözleri harplap aýtmak boýunça “Central Asian Spelling Bee” bäsleşiginiň milli tapgyryny geçirdi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirildi.Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden 70-e golaý zehinli ýaşlar gatnaşyp, iňlis dili başarnyklaryny, özüňi ynamly alyp barmak we köpçüligiň öňünde çykyş etmek endiklerini görkezmegi başardylar.

Milli bäsleşikde ýeňiji bolan dört gatnaşyjynyň ikisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, biri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we ýene biri Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplarydyr.Milli bäsleşigiň ýeňijileri şu ýylyň ahyrynda Duşanbe şäherinde geçiriljek sebit derejeli “Central Asian Spelling Bee” bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýarlar.

Geçen ýyl, Türkmenistandan iki talyp Daşkentde geçirilen sebit derejeli “Central Asian Spelling Bee” bäsleşiginde 1-nji we 2-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Iňlis dilindäki sözleri harplap aýtmakda “Spelling Bee” bäsleşigi ABŞ-nyň özboluşly milli däbidir we Ilçi Klimowyň açylyş dabarasynda belläp geçişi ýaly: “Bu bäsleşik dünýäň ýüzünden müňlerçe talyby, şol sanda, Türkmenistany hem öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly talyplar Duşanbede geçiriljek Central Asian Spelling Bee bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Maryda amerikan ýazyjylary bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi
“Leganes” “Barselonany” myhmançylykda ilkinji gezek ýeňdi
Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
Alymlar arylaryň kömegi bilen koronowirusy sanlyja sekuntda anyklamagyň ýoluny tapdylar
Saglyk — abatlyk