Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 5-nji ýyl talyby Isa Annamyradow türkmen dilinde iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin “GERMEW” ady bilen täze programma döretdi.
Bu programmada “Beginner”, “Elementary”, “Pre-Intermediate”, “Intermediate”, “Upper-Intermediate” we “Advanced” ýaly iňlis dilini öwrenegiň derejeleri bar. Şeýle hem bu programmanyň täzelenen görnüşinde hem türkmen dilinde tutoriallaryň ýerleşdiriljekdigi bellenilýär.
Bu programma ähli ýaşdaky öwrenijiler üçin offline (internetsiz) görnüşde elýeterlidir.
Şeýlelikde, ýaş talyplarymyzyň şeýle üstünlikleriniñ dowamynyň bolmagyny arzuw edýäris.
Şaperi Gurbanberdiýewa,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
The post Iňlisçe öwredýän telefon programmasy appeared first on Zaman Türkmenistan.