Iňlis Hökümeti 30 Ýyl Soň Kömür Magdanyna Lisenziýa Berdi

Iňlis Hökümeti 30 Ýyl Soň Kömür Magdanyna Lisenziýa Berdi

Beýannamada; “Kömür eger-de ýurtda öndürilmese, daşardan import ediljek poladyň önümçiliginde peýdalanylar. Elektrik toguny öndürmek üçin peýdalanylmaz” diýilýär.

Iňlis metbugatynda magdanyň 165 million funkt sterlin maýa goýum bilen ýylda 2,8 million tonna kömür çykarylmagyna garaşylýandygy habar berilip, hökümetiň 30 ýyl soň ilkinji gezek kömür magdanyna lisenziýa berendigine üns çekildi.

Bilermenler magdanyň açylmagy bilen ýylda 400 müň tonna parnik gazynyň zyňylmagyna sebap boljakdygyny beýan edýärler.

Grinpisden berilen beýannamada Britaniýanyň howanyň çalyşmagyna garşy göreşde lider bolmagyň deregine “klimat ikiýüzliliginde super güýç bolmagy saýlap alandygy” nygtalýar.

Iňlis hökümeti mundan ozal 2025-nji ýylda ýurtda ulerod emissiýasyny doly aýyrmagy maksat edinýändigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Altyn Magdany Prezident Erdoganyň Gatnaşmagynda Açyldy
“Nebit Önümçiligini 100 Müň Barrele Çykarmagy Maksat Edinýäris”
Erzurum Gagat Daşy
Türkmenmermer kärhanasy: tebigy daşdan döwrebap örtgi materiallary
Özbek prezidentiniň Magtymguly baradaky karary türkmenleriň arasynda 'çekişme' döretdi
Owgan wekiliýetiniň Aşgabada sapary başlanýar