Italiýanyň çempionaty “Serie A-da ligadan giden 3-nji topar hem belli boldy.Krotone we “Parmadan” soň “Benewentonyň” hem “Serie A”-da bir möwsümlik başdan geçirmesi tamamlandy. 25-nji tapgyryň galdyrylan oýnunda Simone Inzaginiň tälim berýän “Lasio” topary öz meýdançasynda “Torino” bilen deňme-deň oýnady (00).
Bu deňlikden soň, soňky tapgyrda “Torino” bilen duşuşjak Filippo Inzaginiň tälim berýän “Benewento” toparynyň ligada galmak mümkinçiligi aradan aýryldy.Duşuşykdan öň Simona Inzagi agasyna: “Doganym biz Torinony ýeňers, soň sizem olary ýeňip ligada galarsyňyz” diýipdi. Ýöne inisiniň bu arzuwy başa barmady.
Inzagileriň kiçisine ulusyny “Serie A”-da alyp galmak başartmady. 2-nji gezek “Serie A”-da çykyş eden “Benewento” möwsüme şowly başlan hem bolsa, soňuny getirmek Filippo Inzaginiň şägirtlerine kyn düşdi we bir möwsümden soň ýene-de “Serie B” düşmeli boldy.