Inguşetiýada terrorçylykly hüjümleriň öňi alyndy

Inguşetiýada terrorçylykly hüjümleriň öňi alyndy

Russiýa Federasiýasyna degişli Inguşetiýa Respublikasynda dini ybadathanalary we hukuk goraýjy edaralary nyşana almagy meýilleşdiren hüjümleriň öňi Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy tarapyndan alyndy.

Russiýa Federasiýasynyň Inguşetiýa Respublikasynda Russiýanyň Içeri işler ministrligi we Derňew komitedi bilen sazlaşyk içinde ençeme terrorçylykly aksiýanyň öňüniň alynandygyny aýdan Federal howpsuzlyk gullugy Nazran şäherinde we Kantyşewo obasynda Russiýada gadagan edilen halkara terror guramasyna agza bolan 6 adamyň saklanandygyny habar berdi.

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy hüjümi meýilleşdirenleriň terror guramasy DAIŞ-iň tarapdarydyklaryny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Russiýada kazyýet Alekseý Nawalnyýnyň aýalynyň tussag edilmegi barada karara geldi
Erdogan UEFA-nyň Merih Demiral Hakynda Derňew Işini Başlatmagyna Reaksiýa Bildirdi
Peskow Russiýadaky Instagram gadagançylygynyň aýrylmagynyň zerurdygyny aýtdy
Ukraina Russiýa dronlar bilen hüjüm gurady
Russiýa-Ukraina Söweşi Dowam Edýär