Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi şäher manzarynyň aşygy Inga Pawloskaýanyň işleriniň bir tapgyry bilen tanyşdyrýar.Onuň suratlarynyň köpüsinde durmuş amatlyklary bolan çalt depginlerde üçünji müňýyllygyň şäherine öwrülýän türkmen paýtagtynda bolup geçýän uly möçberli özgertmeler beýan edilýär.
Bu işde köp ulanylýan gurluşyk kranlary Inganyň suratlarynda hökman gyzyl reňkde berilýär.Işleriň ýene bir aýratynlygy: kranlaryň diňe sudury görünýär. “Türkmenistanyň Garşsyzlyk baýramy” atly baýramçylyk ruhy çeper beýan edilen we ilkinji gar sepelän bişen goňrumtyl-gyzyl narlar şekillendirilen “Giçki güýzüň miweleri” ýaly işleri hem şeýle, abstraktlyga golaý usulda çekilipdir.
Türkmenistanly sungat öwreniji Azat Annaýew serginiň açylyşynda Inga Pawloskaýanyň döredijiligine sypaýylyk, reňkleriň ýönekeýden sazlaşykly utgaşygy mahsusdygyny, işleriniň käbirinde şekilleriň diňe sudurynyň berilýändigini jaýdar belledi.Inga Moskwa döwlet uniwersitetiniň sungat taryhy kafedrasynda bilim alan sungat öwreniji bolsa-da, kakasy, Türkmenistanyň halk nakgaşy Wladimir Pawloskiniň gözegçiliginde has irräk eline çotga alypdy.
Inga köpçülikleýin we özbaşdak sergiler bilen ýurtlaryň ençemesinde boldy.Saparlaryndan galan täsirlerden hem romantiki manzarlar toplumy döredi. “Bakuwdaky köne şäher” suratynda daş jaýlardyr darajyk egri köçelerde Gündogara mahsuslyk duýulýar... “Krakow” we “Warşawa” ýaly suratlaryndaky Ýewropa binagärliginiň köne jaýlary has şahyrana görünýär.
Sergide goýlan suratlaryň manzarlary diňe bir olary döreden nakgaş däl, eýsem adam barada-da gürrüň berýärler.Mysal üçin, şäherde ýaşaýan Inga Pawloskaýa döredijiliginde haýwanlar temasyna hem ýüzlenýär. “Horaz” suratynda ketegiň, towuklaryň ählisiniň hojaýyny gaharjaň, dürli perleri hüžžerip duran gazaply wagty has owadan horaz şekillendirilipdir.
Onuň haýwanlara söýgüsi “Düýäniň kellesi” suratynda-da ýüze çykýar.Düýe başyny tomaşaçylara tarap öwrüp, olara bilesigelijilik bilen bakýan ýaly bolup dur.Inga Pawloskaýa gülälekleri hasam gowy görýär.
Ol bu gül hakda: -Men tebigatyň bu ajap gudratynyň aşygy, şonuň üçinem her ýyl olara bir suratymy bagş edýärin.Geň ýeri, her gezegem olar dürli-dürli şadyýan, gussaly, joşgunly, hyjuwly... çykýar.
Göwnüme bolmasa, güläleklerem edil adamlar kimin özüne kybap häsiýetli hem ykbally bolýan ýaly bolup dur - diýip gürrüň berýär.