Iner Store onlaýn dükanynyň ykjam goşundysynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli 10-njy oktýabra çenli Öý we bakja bölümçesindäki harytlar 20%-e çenli arzanladyldy.
Bu bölümçeden müşderiler öý-hojalykda ulanylýan önümleri has amatly bahalardan alyp bilerler. Onlaýn-platformadan öý şertini oňaýly guramak üçin gap-gaçlary, kosmetika önümleri hem-de egin-eşikler üçin tekjeleri, wanna otagy üçin halyça toplumlaryny, şeýle-de bezeglik önümleriň dürli görnüşlerini tapmak bolýar.
Iner Store onlaýn dükany şu tomusda açylmak bilen, Türkmenistanyň ilatyna 15 dürli ugurlar boýunça tapawutlandyrylan harytlary amatly bahalardan ýetirýär. Bu haryt görnüşlerine ulular we kiçi ýaşlylar üçin egin-eşikler, elektrik enjamlary, hojalyk tehnikalary, kosmetika önümleri, kanselýariýa harytlary we beýlekiler degişlidir.
Iner Store dükanynyň ykjam goşundysyny AppStore hem-de Play Market internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Şeýle-de okaň: