Indoneziýanyň täze paýtagtynda diňe ekologiýa taýdan arassa ulaglara rugsat berler

Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantarada ekologiýa taýdan arassa ulaglardan beýleki dizel bilen işleýän ähli ulag serişdeleri gadagan ediler. Bu barada şäher häkimligi habar berdi.

-Hemme zat ekologiýa taýdan arassa we “ýaşyl” bolmaly, esasan hem täze paýtagt Nusantarada ýangyç serişdelerini ulanýan ulaglar bolmaly däldir. Biziň hemmämiz ekologiýa taýdan arassa ulaglary ulanmalydyrys – diýip, Antara agentligi şäher häkimi Bambang Susantononyň sözlerine salgylanýar. Ol ekologiýa taýdan arassa kesgitlemä, esasan, zyýanly zyňyndylary azaldyp biljek elektrik, wodorod we beýlekiler bilen işleýän ulag serişdeleri girýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo 2019-njy ýylda paýtagty Jakartadan göçürmek meýilnamasy barada yglan edipdi. Ilki megapolisiň 2024-nji ýyla çenli Kalimantan adasynda gurulmagy meýilleşdirilýardi. Bu maksatlar üçin, takmynan, 32 milliard dollar bölünip berildi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli taslama togtadyldy. Ýanwar aýynyň ortalarynda döwlet Baştutany täze paýtagtyň Nusantara (“arhipelag”) diýlip atlandyryljakdygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi
Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi
Balide G20 sammiti başlady
Balide G20-ligiň maslahaty dowam edýär
Indoneziýa täze paýtagtyň döredilmegi üçin $2 mrld bölüp berer
Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantara bolar. Jakarta suwuň astyna gidip barýar