Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantara bolar. Jakarta suwuň astyna gidip barýar

Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantara bolar. Jakarta suwuň astyna gidip barýar

Indoneziýanyň Kalimantan adasynyň günorta-gündogarynda guruljak täze paýtagty Nusantara diýlip atlandyrylar. Terjime edilende ol arhipelag diýmegi aňladýar. Ýurduň milli ösüşini meýilnamalaşdyrmak ministri Suharso Monoarfa Hökümet mejlisinde degişli beýanat bilen çykyş etdi diýip, TASS CNA teleýaýlymyna salgylanyp habar berdi.

Prezident Widodo Indoneziýanyň paýtagtyny göçürmek meýilleri hakynda 2019-njy ýylda habar berdi.Alymlaryň bellemegine görä, Jakartanyň 2050-nji ýyla çenli üçden bir bölegi suwuň astynda galyp biler. 10 million ilaty bolan şäher ummanda suwuň derejesiniň ýokary göterilýändigi sebäpli gark bolup barýar.

Sillerden başga-da, köne paýtagt ilatynyň aşa agdyklyk etmegi, ýaramaz şähergurluşyk meýilleşdirmesi, suw we lagym üpjünçilik ulgamyndaky meseleler, şeýle hem ýollardaky dykynlar zerarly ejir çekýär.Paýtagty göçürmek üçin döwlet tarapyndan 32 milliard dollara çenli bölünip berildi.

Emma koronawirus pandamiýasy zerarly taslamanyň durmuşa geçirilişi togtadyldy, ony iki ýyldan gaýtadan dikeltmek meýilleşdirilýär.Indoneziýa dünýäniň 18 müň adadan ybarat bolan iň iri arhipelagynda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi
Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi
Indoneziýanyň täze paýtagtynda diňe ekologiýa taýdan arassa ulaglara rugsat berler
Balide G20-ligiň maslahaty dowam edýär
Balide G20 sammiti başlady
Rahmon Täjigistanyň dolandyryjy partiýasynyň ýolbaşçylygyna gaýtadan saýlandy