Milli Apat dolanşygy agentliginiň metbugat geňeşçisi Abdul Muhari ýurduň iň uly adasy bolan Sumatrada 9-njy martdan bäri dowam edýän tebigy apatlar barada maglumat berdi.
Gözleg we halas ediş işlerinde has köp adamyň jesedini tapandyklaryny aýdan Abdul Muhari, ýogalanlaryň sanynyň 26 adama ýetendigini, dereksiz ýitenleriň sanynyň bolsa 11 adama ýetendigini habar berdi.
Abdul Muhari Günbatar Sumatradaky musson ýagyşlary sebäpli 37 müňden gowrak öýi suw basandygyny mälim etdi.
Agentlik mundan başgada sebitde takmynan 80 müň adamyň gaçybatalgalara ýerleşdirilendigini beýan etdi.