
Indoneziýanyň Milli apat merkeziniň resmisi Juspri M. Nadeak, Sumatra adasyndaky Kara sebitinde duýdansyz sil apatlarynyň we ýer süýşgünleriniň başdan geçirilendigini habar berdi.
Nadeak, güýçli ýagan ýagyşlaryň sebäp bolan ýer süýşgünleriniň ençeme ýerde öýleri ýumurandygyny we ekin meýdanlaryna zeper ýetirendigini aýan etdi.
Tebigy apatlarda 16 adamyň ýogalandygyny aýdan Nadeak, 2-si çaga 6 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini beýan etdi.
Nadeak, onlarça adamyň ýaralanan tebigy apatdan soň başladylan gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.