Medan şäherindäki howa menzilinde, "Kimia Farma" atly lukmançylyk kärhanasynyň koronawirus testleri üçin ulanylan taýajyklary ýuwup, guradyp ýaňadandan satandygy mälim boldy.
Testleriň 9 müň ýolagçyda ýaňadandan ulanylandygy çak edilýändigini aýdan Polisiýa gullugy, waka bilen baglanşykly kärhananyň 4 ýolbaşçysynyň we 4 işgäriniň göz tussaglygyna alynandygyny beýan etdi.
Howa menzilini testler bilen üpjün eden "Kimia Farma" atly lukmançylyk kärhanasynyň, şol 9 müň ýolagçy tarapyndan gozgalyp bilinjek halkara derejedäki kazyýet işlerine sezewar boljakdygy çak edilýär.
Ýurtda ýolagçylaryň howa ýollary arkaly syýahat edip bilmekleri üçin testden geçmekleri hökmany bolanlygy sebäpli ýolagçylar testden geçirilýärdi.
Ýerli mediadaky habarlarda ýolagçylaryň ýalňyş položitel test netijeleri alandyklary baradaky şikaýatlardan soň, polisiýa gullugynyň işgärleri işe girişendikleri we ýönekeý raýatlar ýaly geýinip opersiýa geçirendikleri beýan edildi.
Şübhe astyndaky adamlar hem saglygy goraýyş hem-de sarp ediji kanunlaryň düzgünlerini bozmak bilen aýyplanýar.