Indoneziýada Gelen Sil Sebäpli 67 Adam Ýogaldy

Indoneziýada Gelen Sil Sebäpli 67 Adam Ýogaldy

“Antara Nýus” saýtynyň habar bermegine görä Indoneziýaynň Milli tebigy betbagtçylyklary dolandyryş gullugynyň metbugat sekretary Abdul Muhari, Marapi wulkan dagynyň atylmagy sebäpli üýşen gaýanyň, külüň we topragyň muson ýagyşy sebäpli süýşmegi we gelen sil sebäpli pida bolanlaryň sanynyň 67-a, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 44-e ýetendigini aýtdy.

Dereksiz ýiten 20 adamyň gözleg işleriniň dowam edýändigini aýdan Muhari; “Gözleg we şahsyýetleriň anyklaýyş işleri henizem dowam edýär. Pida bolanlaryň sany artdyp biler” diýdi.

Murapi wulkan dagynyň 11-nji maýda atylmagy netijesinde üýşen gaýanyň, külüň we topragyň muson ýagyşy sebäpli süýşmegi we gelen sil adam pidalaryna sebap bolupdy.

Ýene degişli makalalar

12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Çeşme: Sil suwlarynda bir esger öldi, alty esger dereksiz ýitdi
Sil suwlarynda bir esger öldi, alty esger dereksiz ýitdi
Müsüriň kenar ýakasynda 31 jahankeşdeli gämi gark boldy
Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar
La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler