Indoneziýada 6,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýada 6,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Meteorologiýa, klimat we geofizika gullugy Gündogar Ýawa ştatynda ýerli wagt bilen sagat 13:07-de 6,2 bal ululygynda ýer titremäniň bolandygyny beýan etdi.

Ýeriň 10 km aşagynda emele gelen ýer titreme, Bali adasynda hem duýuldy.

Güýçli ýer titremeden soň sunami howpunyň ýokdygy aýan edildi.

Ýerli resmiler çekilen zyýanyň anyklanmagy bilen bagly işleriň başladylandygyny habar berdiler.

Geçen aý Günbatar Ýawa ştatynyň Çandžur sebitinde 5,6 bal ululygynda ýer titreme bolupdy we 300-den gowrak adam ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Ýitip gitmek howpy abanýan jandarlar
Bali adasy tebigy gözellikleriň mekany
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Malaýziýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Indoneziýada hem diplomatik wezipäni ýerine ýetirer
Hakan Fidan Indoneziýanyň prezidenti Prabowo Subianto bilen duşuşyk geçirdi
Prezident Erdogan Indoneziýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Indoneziýanyň Prezidenti we Goranmak Ministri Ankarada Saparda Bolýar