Indoneziýa — Türkmenistan oýnunyň başlanjak wagty belli boldy

Indoneziýa — Türkmenistan oýnunyň başlanjak wagty belli boldy

Şu gün irden futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Indoneziýa bilen boljak ýoldaşlyk oýnundan öňki ahyrky türgenleşigini geçirdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistan bilen Indoneziýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk oýny Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlanar. Duşuşyk Indoneziýanyň Surabaý şäherindäki Gelora Bung Tomo stadionynda bolup geçer. Türkmenistanyň ýygyndysy bu oýunda ak reňkli köýnekçede hereket eder.

Duşuşyk Indoneziýanyň Futbol federasiýasynyň YouTube kanalynda göni ýaýlymda görkeziler.

Ozal habar berşimiz ýaly, golaýda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow sentýabrda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşyklaryna (Indoneziýa we Bahreýn bilen) gatnaşjak 23 oýunçynyň sanawyny mälim edipdi.

Ýeri gelende bellesek, bu ýoldaşlyk duşuşyklary türkmen futbolçylary üçin 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlanjak DÇ-2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlyk bolup hyzmat eder.

Ýene degişli makalalar

Aziýa yklymyndan DÇ ― 2026 üçin göreşi 18 ýygyndy dowam etdirer
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Aziýada DÇ-2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekildi
12-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Milli Goranmak Ministri Indoneziýada Saparda Bolýar
Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär
Wulkaniki hereket