Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Indoneziýanyň Türkiýäniň Günorta gündogar Aziýadaky esasy hyzmatdaşlaryndan biridigini aýtdy.
Indoneziýanyň Ankaradaky ilçihanasy tarapyndan 17-nji awgust Indoneziýanyň garaşsyzlyk güni mynasibetli banket berildi.
Indoneziýanyň Ankaradaky ilçihanasyndynda berlen bankede Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Türki döwletleriň guramasynyň aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen Indoneziýanyn Ankaradaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ryzal Purnama hem gatnaşdy.
Banketde çykyş eden ministr Güler, “Türkiýe, Indoneziýa we doganlyk indoneziýanyň halkyna uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyz geografiýa taýdan uzaklyga garamazdan asyrlardan bäri doganlyk we dostluk gatnaşyklaryny dowam etdirýär. Geçmişden biziň günlerimize çenli gelip ýeten şol baglar, şu günki günde hem ýurtlaryň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlykda we güýçli dostlykly gatnaşyklarda uly rol oýnaýar”diýdi.
Indoneziýa bilen birnäçe ugurda bolşy ýaly harby we goranyş senagaty taýdan ýakyndan gatnaşyk edýändiklerini aýdan ministr Güler, “Ýaragly güýçlerimiz birlikde harby tügenleşikler geçirýär. Özara hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagyny maksat edinýäris” diýip belledi.