Indoneziýa täze paýtagtyň döredilmegi üçin $2 mrld bölüp berer

Indoneziýa täze paýtagtyň döredilmegi üçin $2 mrld bölüp berer

Indoneziýa Jakartada bar bolan paýtagtyň deregine Kalimantan şäherinde täze paýtagty gurmak üçin, takmynan, 400 trln rupiýa (takmynan, $2 mlrd) sarp eder. Bu barada Vietnam Plus ýazýar.

Ýurduň maliýe ministri Şri Mulýani Indrawati bu puluň esasy infrastruktura, ofislere, mekdeplere we lukmançylyk edaralaryna, şeýle-de täze şäherde howpsuzlyk bilen bagly çykdajylara sarp ediljekdigini aýtdy.

Öň habar berlişi ýaly, Indoneziýanyň häkimiýetleri Indoneziýanyň ýerleşýän sebitiniň şahyrana adynyň hormatyna Nusantara adyny aljak täze paýtagty gurmagy meýilleşdirýärler.

Ýurduň prezidenti Joko Widodo 2019-njy ýylda saýlanandan soň paýtagtyň göçüriljekdigini mälim etdi, ýöne pandemiýa sebäpli ony soňa goýmaly boldy. Indi paýtagt 2024-nji ýylda göçürilip bilner.

Hökümet bu ilatynyň sany 10 mln bolan, yzygiderli suw joşmalaryndan zyýan çekýän we ýerasty suwlaryň hereketi sebäpli dünýäde iň çalt gark bolýan şäherleriň biri hasaplanýan Jakarta düşýän basyşy azaldar diýip umyt edýär. Demirgazyk Jakartanyň käbir bölegi ýeriň çökmegi sebäpli ýylda, takmynan, 25 sm suw astyna gidýär.

Ýene degişli makalalar

Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi
Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi
Indoneziýanyň täze paýtagtynda diňe ekologiýa taýdan arassa ulaglara rugsat berler
Balide G20-ligiň maslahaty dowam edýär
Balide G20 sammiti başlady
Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantara bolar. Jakarta suwuň astyna gidip barýar