Indoneziýa gazyň eksportyndan ýüz öwürmekçi

Indoneziýa gazyň eksportyndan ýüz öwürmekçi

Indoneziýanyň deňiz işleri we maýa goýumlary boýunça utgaşdyryjy-ministri Luhut Binsar Panjaitan hökümetiň tebigy gazyň eksportyndan ýüz öwürmek maksatnamasy hakynda habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Onuň sözlerine görä, hökümet daşary ýurtlara suwuklandyrylan gazyň satuwyny bes etmekçi, şunda öňki geleşikleriň ýerine ýetirilişi dowam etdiriler.

Men we meniň orunbasarym Jodi mundan beýläk tebigy gazy, esasan hem, suwuklandyrylan gazy eksport etmezlik kararyna geldik diýip, Panjaitan aýtdy. Emma ol bu çözgüdiň durmuşa geçirilip başlanjak anyk möhletini habar bermedi.

Utgaşdyryjy-ministr häzirki wagtda Indoneziýanyň nebit önümleriniň uly möçberini import edýändigini, emma indi ýurduň Demirgazyk Kalimantin ülkesinde nebit önümlerini öndürjek kärhanany gurmakçydygyny nygtady. Munuň üçin gaz gerek, ol ýurduň içinde ýeterlik, şonuň üçin ony import etmek zerurlygy ýok. Panjaitan şeýle hem Demirgazyk Kalimantindäki nebithimiýasy zawodynyň 2025-nji ýa-da 2026-njy açylmagynyň meýilleşdirilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi
Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Owganystan boýunça tagallalar birleşdirilýär
MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERI BMG BILEN HYZMATDAŞLYKDA OWGANYSTANA GOLDAW BERMEGI DOWAM ETDIRER
Merkezi Aziýanyň döwletleri Owganystanda howpsuzlygy pugtalandyrmagy maslahatlaşýarlar
Gök çaýmy, gara çaý?