Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi

Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi

Indoneziýa täze taryhy waka taýýarlyk görýär: 17-nji awgustda bellenjek Garaşsyzlyk güni Jakartada däl-de, ýurduň täze paýtagty Nusantarada baýram ediler.

Taryhy wakanyň öňüsyrasynda ýurduň Prezidenti Joko Widodo ýolbaşçylardyr meşhur adamlar bilen täze paýtagta motosikl sürüp geldi diýip, Indonesian President Palace neşirine salgylanýan rg.ru ýazýar.

Prezident Joko Widodo 2019-njy ýylda ilatyň artmagy bilen baglylykda, paýtagty Jakartadan Kalimantan adasyna göçürmek başlangyjyny öňe sürüpdi. 2022-nji ýylda badalga berlen bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 32 mlrd dollar sarp edildi we ol 2045-nji ýylda doly gurlup tamamlanar.

Nusantaranyň döredilmeginiň sebäpleriniň biri-de, Jakartanyň topragy barha aşak çökýär. Şäheriň köp bölegi eýýäm Ýawan deňziniň derejesinden pese düşüp, häli-şindi sil joşgunlaryny başdan geçirýär.Hünärmenler ýene 25 ýyldan 11 million ilatly Jakartanyň demirgazyk böleginiň suwuň astyna gitmek ähtimallygy barada çaklaýarlar.

Galyberse-de, Jakartada ilatyň we ulaglaryň çakdanaşa artýandygy bellenýär.Nusantara bolsa, ekologik taýdan arassa we ýokary tehnologiýaly diýip, häkimiýetler nygtaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi
Balide G20 sammiti başlady
Indoneziýanyň täze paýtagtynda diňe ekologiýa taýdan arassa ulaglara rugsat berler
Balide G20-ligiň maslahaty dowam edýär
Indoneziýa täze paýtagtyň döredilmegi üçin $2 mrld bölüp berer
Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantara bolar. Jakarta suwuň astyna gidip barýar