Indoneziýa G20-ligiň ýurtlaryny azyk babatda tagallalary birleşdirmäge çagyrdy

Indoneziýa G20-ligiň ýurtlaryny azyk babatda tagallalary birleşdirmäge çagyrdy

Indoneziýa azyk krizisine garşy göreşmekde G20-ligiň agza döwletlerini iki ministrligi— maliýe we oba hojalyk ministrliklerini birleşdirmäge çagyrdy. TASS habarlar gullugynyň habaryna görä, bu barada Indoneziýanyň maliýe ministri Sri Mulýani Indrawati beýanat berdi.

Indrawati dökün bazarynda emele gelen kynçylyklar azyk gytlygyny ýyllar boýy öňe süýşürip biler diýdi.

Duşuşyk wagtynda Uly ýigrimiligiň agza-döwletleriniň adyna girdejisi az bolan ýurtlarda kynçylyklary azaltmak ugrunda çagyryşlar aýdyldy, olaryň hatarynda dökünleriň daşalyşyny olara çykdajylary azaltmak we esasy azyk önümlerine nyrhlaryň gymmatlamagynyň öňüni almak üçin üçin oýlanyşykly paýlamak hem bar.

Indoneziýanyň Bali adasynda 15-16-njy iýul aralygynda Uly sekizligiň ýurtlarynyň maliýe ministrleriniň we Merkezi Banklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçýär.

Ýene degişli makalalar

Balide G20-ligiň maslahaty dowam edýär
G20-ligiň indiki sammitleri Hindistanda, Braziliýada we GAR-da geçer
Türkmenistanda glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýola goýuldy
Spiegel: Şolsuň goňşulary zibil gutudan G7-ligiň gizlin resminamalaryny tapdylar
Gartner 2022-nji ýylda PK-nyň global satuwynyň 9,5%, telefonlaryň 7,1% peseljekdigini çaklaýar
5G abunaçylarynyň sany milliarddan geçer