Indianapolisiň Çagalar muzeýi

Gaýybana syýahat

ABŞ-nyň Indianapolis şäheriniň Çagalar muzeýi ýurduň iň gowy çagalar muzeýleriniň biri bolup, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.Gapysyndan ilkinji gezek giren adamy haýrana goýýan bu muzeýiň girelgesinde beýikligi 9,2 metr bolan köpürjikli suw sagady bar.

Aýnaly diwardan ýapyşyp üçekden girip barýan dinozawryň şekili hem gaýtalanmajak pursady döredýär.Esasan hem, kiçi ýaşly çagalara niýetlenen bu muzeýde interaktiw güýmenjeler, tejribe otaglary, galereýa meýdançalary, maşgala üçin gyzykly güýmenjeler bar.

Muzeýde gyzykly dynç alyşlar bilen bir hatarda çagalar üçin köpçülikleýin çäreler hem guralýar. 1925-nji ýylda döredilen Indianapolisiň Çagalar muzeýi 30 gektar meýdanda ýerleşýän 482 müň 950 inedördül metrlik desgalar toplumy bolup, dünýädäki iň uly çagalar muzeýi hasaplanýar.

Muzeýe her ýyl 1 milliondan gowrak adam barýar.

Muzeýiň binagärlik gurluşygynda heýkeltaraşlyk sungatyna uly üns berlipdir.Muzeýiň merkezi 3 müň 200-den gowrak eseri öz içine alýan 43 metrlik aýna diň bilen bezelipdir. Çagalar aýna üçegiň aşagynda eksponatlary, sungat eserlerini synlamak bilen bir hatarda, dürli oýunlary oýnap bilýärler. Şeýle hem surat çekmek, hekaýadyr goşgy ýazmak ýaly döredijilik işleri bilen meşgullanyp bilýärler.

Bu ýer tejribäňi artdyrmagyň hem özboluşly meýdançasy bolup, çagalar sorag-jogap alyşmak arkaly sowatlylygyny artdyrýarlar.Interaktiw güýmenje meýdançasynda geçirilýän sergiler we tejribeler çagalar üçin peýdaly bolup, dürli amallary synagdan geçirip bilýärler.

Dinozawrlaryň ýurdy muzeýiň iň gyzykly başdangeçirmesi bolup, bu meýdançada çagalary birnäçe dinozawr garşy alýar.Bu meýdançada dinozawryň galyndylaryny, aýak yzlaryny we süňklerden düzülen şekilini görmek bolýar.Ondan soňra çagalar Ýeriň milli geografik hazynalarynyň sergisine gatnaşmak bilen dünýäniň dürli künjegine gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik gazanýarlar.

Mundan başga-da, Müsür, Hytaý medeniýetiniň gadymy galyndylary bilen tanşyp, arheologik işleriň alnyp barlyşyny synlap bilýärler.

35 metr uzynlykdaky Ruben Wells otlusy hem çagalary 1890-njy ýyllara alyp gidýär. Çagalar lokomotiwiň içine girip görmek bilen onuň daş-töweregindäki kiçijik otlulary synlap bilýärler. Hatda kiçijik relsleri düzmek arkaly özleri üçin demir ýol hem gurup bilýärler.

2018-nji ýylda muzeýiň açyk meýdançasynda kiçijik golf meýdançalaryndan başlap, basketbol, futbol oýunlaryny geçirmek üçin meýdançalar hem-de ylgaw ýodalary guruldy. Çagalar bu ýerde işjeň hereketde bolmak bilen dürli maşklary ýerine ýetirýärler. Şeýle hem özara ýaryşlary geçirip, oýunlardan lezzet alýarlar. Çagalar sport dünýäsi meýdançasyna baryp, taýçanakly aýlanýan sallançaga münüp bilýärler.

2000-nji ýylda çagalaryň kitaba bolan söýgüsini ösdürmek maksady bilen muzeýde jemgyýetçilik kitaphanasynyň bölümçesi açylýar. Bu ýerde körpejeler üçin 15 müňden gowrak kitap, wideo we audio ýazgyly eserler saklanýar. Indianapolisiň Çagalar muzeýi çagalar üçin gyzykly we peýdaly güýmenjeleriň merkezi hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

3 muzeý, 3 şäher
Hindistanly maşgala köne awtoulagy bilen hoşlaşyk dabarasyny gurady
Uly ýigrimiligiň sammiti: ýatda galyjy wakalar
Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi işewürler maslahatyna gatnaşdy
Türkmen diplomaty Merkezi Aziýa sebitindäki işewürlik mümkinçilikleri atly işewürlik maslahatynda çykyş etdi
Täze Indiana Jons we Işi ýerine ýetirip bolanok filmleri ýitgili bolup biler