“Indian Wells Masters”-iň täze ussatlary

Möwsümiň ilkinji “Masters” ýaryşy bolan “Indian-Wells” (Kaliforniýa, ABŞ) bäsleşiginde garaşylmadyk tennisçiler ýeňiji boldy.Erkekleriň arasynda awstriýaly Dominik Tiem ýakynda özüniň 100-nji ýeňşini baýram eden şweýsariýaly Rojer Federeri 3 setde ýeňip, ilkinji “Masters” kubogyny gazandy. 1-nji setde Federer 6:3 hasap bilen öňe saýlansa-da, 2-nji setde Dominik Tiem hasaby deňledi.

Duşuşygyň final setinde Dominik Tiem taý-brekden soň, güýçli garşydaşyny 7:5 ýeňip, çempion bolmagy başardy.Federer şu wagta çenli Tiem bilen geçiren 3 duşuşygynda-da asgyn geldi. Umumy pul gaznasy 9 million 35 müň 428 dollara deň bolan ýaryşda zenanlaryň arasynda kanadaly ýaş tennisçi Býanka Andreesku özüniň ilkinji çempionlygyny gazandy. 18 ýaşly tennisçi finalda germaniýaly Anjelika Kerberden 6:4, 3:6, 6:4 hasaplar bilen üstün çykdy.

Andreesku ýörite çakylyk bilen gatnaşyp, “Indian Wellsde” ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy.Ol bu ýeňişden soň, 178-nji orundan 24-nji basgançaga beýgeldi. Jübütleriň arasyndaky ýaryşlarda erkeklerde horwatiýaly Nikola Mektik bilen argentinaly Horasio Zeballos, zenanlardan hem belgiýaly Elisa Mertens bilen belarusly Arina Sabalenko 1-nji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşdyrmagy gadagan etmäge çagyrdy
Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul geçirimlerini ýeňilleşdirýär
Möwsümi super jemledi
Adamlardan soňra planetany eýeläp biljek görnüş agzaldy
Baidu kompaniýasy 2025-nji ýylda akylly äýnekleri satuwa çykarmakçy
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti