“Indi Kimdir Biriniň Biziň Bitewigimizi Ykrar Edip Etmezligi Beýle Möhüm Däl”

“Indi Kimdir Biriniň Biziň Bitewigimizi Ykrar Edip Etmezligi Beýle Möhüm Däl”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan bilen parahatçylyk şertnamasynyn baglaşylmagynyň, ýurduna garşy käbir maddalary öz içine alýan Ermenistanyň konstitutsiýasyna üýtgetme girizilmegi şertiniň ýerine ýetirilmegine baglydygyny aýtdy.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, Kanadanyň Azerbaýjandaky täze ilçisi Kewin Hamilton, Prezident Aliýewe ynanç hatyny gowşurdy.

Kabul edilşikde Azerbaýjan bilen ÝB-ne agza 10 ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk teswirnamasynyň baglaşylandygyny we şol teswirnamalaryň esasy böleginiň 2-nji Garabag söweşinden ýagny 2020-njy ýylyň noýabr aýyndan öň baglaşylandygyny aýdan Aliýew, “Şol nukdaý nazardan Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň bolmazlygy, hiçbir ýurduň sebitde alyp barýan syýasatyny kesgitleýän faktor bolmaz” diýdi.

Käbir döwletleriň Ermenistanyň basyp alyşlygy meselesinde dymmagy saýlap alandygyny we basyp alyşlyk döwründe Azerbaýjanyň bitewiligine goldaw bermändigini ýatladan Aliýew: “Biz basyp alyjy Ermenistanyň harby goşunyny söweş meýdanynda ýeňenden we topraklarymyzdan kowandan soň şol ýurtlar territorial bitewiligimize goldaw berýändiklerini beýan edýärler.

Indi kimdir biriniň biziň biteligimizi ykrar edip etmezligi beýle möhüm däl. Şol beýannamalar topraklarymyzyň basyp alyşlygy döwründe berilmegi biziň üçin diýseň möhümdigi” diýdi.

Ermenistan bilen parahatçylyk etaby hakynda durup geçen Aliýew; “Elbetde parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin wagt gerek. Parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin Ermenistanyň konstitutsiýasyna üýtgetme girizilmeli. Sebäbi Ermenistanyň konstitutsiýasynda Azerbaýjanyň topraklaryna garşy käbir maddalar bar. Biziň esasy şertimiz ýerine ýetirilmän parahatçylyk şertnamasy baglaşylyp bilinmez. Esasy ýörelgeler boýunça ylalaşyk gazanylmagy üçin gepleşikler dowam edýär” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
“Ermenistan Eden Etmişleri Üçin Ötünç Soramaly”
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Ýeňiş Gününi Gutlady
Maryda polisiýa IMO arkaly kömek soraýan naçarlary yzarlaýar
Garaşyp ýaşamak. Pandemiýa Türkmenistandan göçüp gidýänlere täsir etdi
Parahatçylyk we ynanyşmak