Beýik Britaniýanyň Independent gazeti öz saýtynda "Formula-1-iň" 2022-nji ýylda iň ýokary aýlyk alýan pilotlarynyň sanawyny çap etdi.
Sanaw pilotlaryň aýlyk haklaryndan ugur alnyp düzüldi, oňa olaryň görkezen netijeleri bilen bagly bonuslar ýa-da beýleki kommersiýa girdejileri girmeýär.Häzirki çempion, niderlandly Maks Werstappen (Red Bull) bilen Formula-1-iň ýedi gezek çempiony, britaniýaly Lýuis Hemilton (Mercedes) sanawyň başyny çekýärler.
Hersiniň ýyllyk haky 40 mln funt sterlingden (50,2 mln dollardan) ybarat.Soňra sanaw boýunça ispaniýaly Fernando Alonso (Alpine, 18,8 mln dollar), britaniýaly Lando Norris (McLaren, 15,07 mln dollar), nemes Sebastýan Fettel (Aston Martin, 13,8 mln dollar), awstraliýaly Daniel Rikkýardo (McLaren, 13,8 mln dollar), monegask Şarl Lekler (Ferrari, 11,3 mln dollar), ispaniýaly Karlos Saýns-kiçi (Ferrari, 8,79 mln dollar), fin Waltteri Bottas (Alfa Romeo, 8,79 mln dollar), kanadaly Lens Stroll (Aston Martin, 8,79 mln dollar) gidýär.
Hemmesinden az gazanýanlar nemes Mik Şumaher (Naas) we hytaýly Guanýuý Çžou (Alfa Romeo) — hersi ýylda 917 müň dollar hak alýar.Häzirki möwsümde dört tapgyrdan soň, 86 utuk ýygnan Lekler öňde barýar.
Soňra Werstappen (59) we onuň topardaş ýoldaşy meksikaly Serhio Peres (54) barýar.