“Inçe Memed”

“Inçe Memed”

Ýaşar Kemalyň “Inçe Memed” atly ilkinji romanynyň bütindünýä meşhur bolandygyny bilýäňizmi?

“Inçe Memed” meşhur türk ýazyjysy Ýaşar Kemalyn ilkinji romany. 1955-nji ýylda çap edilen IMemed” awtoryň naýbaşy eseri hökmünde häsýetlendirilýär.Romanda Günorta Anadolyda ýaşaýan obalylaryň feodalizme garşy göreşi gürrüň berilýär. 1957-nji ýylda ilki bolgar diline terjime edilen roman, 1959-njy ýylda Nazym Hikmet tarapyndan rus diline terjime edilýär. “Inçe Memed” 1961-nji ýylda iňlis we fransuz dillerine terjime edilýär.

Britaniýada, ABŞ-da we İtaliýada çap edilýär.Soňky ýyllarda nemes we ispan dillerine terjime edilen “Inçe Memed” 40-dan gowrak dilde neşir edildi.

“Inçe Memed” 1984-nji ýylda iňlis aktýory we ýazyjy Peter Ustinow tarapyndan “Bürgüt Memed” ady bilen kino düşürilýar. Ssenarisi hem özi tarapyndan ýazylan filmde, režisýor Ustinow şol bir wagtda-da Abdi Aganyň keşpini ýerine ýetirýär. Sazy grek kompozitory Manos Hasidakis tarapyndan ýazylan filmiň beýleki bir ady bolsa “Ýolbars we Bürgüt.”

Ýene degişli makalalar

Etiň ornuny tutýan iýmitler
Eýran Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär
Lebapda köne hassahanalaryň abatlaýyş işleri lukmanlaryň üstüne ýüklenýär
Eýran bilen Türkmenistan giňişleýin ulag resminamasyny taýýarlaýarlar
Türkmen wekiliýeti Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etdi
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi