Iň zehinli çaga

Angliýada ýaşaýan 11 ýaşly Arnaw Şarma Mensa IQ synagyna girip dünýäniň iň akylly adamlarynyň hataryna goşuldy.Onuň görkezen netijesi (162 ball) Albert Eýnşteýn we Stiwen Hoking ýaly belli şahsyýetleriňkiden hem ýokary boldy.

Asly hindistanly Şarma entek 3 ýaşamanka ýüze çenli sanamagy öwrenipdir.Başlangyç synpdaka ol beýleki çagalardan tapawutlanyp başlapdyr. 9 ýaşyndaka, “AsthmaPi Kit” atly taslamany taýýarlap, tehnologiýa baýragyna mynasyp bolýar.

Maşgalasy ony Mensa jemgyýetiniň synagyna girizmegi makul bilýär.Ol özi bilen bile bu synaga giren 7 adamyň iň kiçisidigine garamazdan, iň ýokary netijäni gazanýar.Ol matematika dersini has gowy görýär. Şeýle hem kompýuterler üçin kod ýazmak, pianino çalmak, aýdym aýtmak, tans etmek we sport bilen meşgullanýar.Mensa aşa üşükli adamlary agzalyga kabul edýän dünýäniň iň gadymy we uly jemgyýeti hasaplanýar.

Söwda maksady bolmadyk bu jemgyýet kabul edilen IQ synagynda ýaşaýan jemgyýetindäki beýleki agzalaryň 98 göteriminden has ýokary bal alan, ýagny iň akylly adamlaryň 2 göterimligine girip bilenleri agzalyga kabul edýär.Ol 1946-njy ýylda Lanselot Wer we Ronald Berrill tarapyndan döredilýär.

Häzirki wagtda onuň dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda 120 müňe golaý agzasy bar.

Ýene degişli makalalar

“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Alymlar duýdansyz ylham gelmegini we Tapdym! diýen jümläni ýalana çykardylar
Dünýäniň iň uly teleskopynyň gurluşygyna başlandy
Futboluň şasy aradan çykdy
Pele Soňky Ýoluna Ugradylýar
Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, çagalar bilen bagly däp-dessurlar we toýlar