Iň ýyndam balyklar

Tebigatdaky ähli jandaryň duşmandan goranmak üçin özüne mahsus aýratynlygy bolýar.Olaryň käsi zäheri bilen goranýan bolsa, köpüsi reňkiniň ýaşaýan ýeriniň tebigatyna meňzeşligi bilen duşmanyndan gizlenip bilýär.

Käsi bolsa, ýyndam aýaklary bilen hiç zada ýetdirmeýär.Suwda ýaşaýan jandarlaryň hem özboluşly gorag usullary bar.Balyklar hem duşmandan gaçmak ýa-da awuny tutmak üçin örän çalt ýüzýärler.

Olaryň tizliklerini ölçemek aňsat bolmaýar.Muňa garamazdan, ihtiologlar olaryň ortaça tizligini nazarda tutup, ýyndam balyklaryň sanawyny düzüpdirler:Ýelken balygy: dünýäniň iň çalt ýüzýän balygy hasaplanýar.Onuň tizligi sagatda 110 km-e barabar.

Atlantik we Ýuwaş ummanlaryny mekan tutunan bu balyklar 13 ýyl ýaşaýar.Uzynlygy ortaça, 270 sm (iň uzyny 348 sm), agramy 100 kg-a barabar.

Çyzykly marlin (Kajikia audax): jandaryň tizligi sagatda 80 km-e ýetýär. Ýuwaş we Hindi ummanlarynyň tropik we ýyly suwly ýerlerinde ýaşaýar.Olaryň uzynlygy ortaça, 290 sm (iň ulusy 420 sm), agramy 440 kg.Wahu balygy (Acanthocybium solandri): Sagatdaky tizligi 78 km-e ýetýän bu balyk ähli ummanlarda ýaşaýar.

Olar Ortaýer we Karib deňizlerine hem girýärler.Uzynlygy ortaça, 170 sm (iň ulusy 250 sm), agramy 83 kg bolýar.Mawy ýüzgüçli tunes (Thunnus maccoyii): Atlantik, Hindi we Ýuwaş ummanlarynda ýaşaýan bu balygyň tizligi sagatda 76 km-e ýetýär. 20 ýyla çenli ýaşaýan bu balyklaryň uzynlygy ortaça, 160 sm-e, (iň ulusy 245 sm), agramy 260 kg-a barabar bolýar.Sary ýüzgüçli tunes (Thunnus albaceres): sagatdaky tizligi 74 km-e ýetýän bu balyklar Atlantik, Ýuwaş we Hindi ummanlarynyň ýyly we sowuk suwly ýerlerinde ýaşaýar.

Uzynlygy ortaça, 150 sm-e (iň ulusy 239 sm) ýetýän bu balyklaryň agramy 200 kg bolýar.Olar 9 ýyl töweregi ýaşaýar.Pamyk balygy (Prionace glauca): bu jandara gök akula hem diýilýär.

Sagatdaky tizligi 69 km-e barabar bolan bu balyklar ähli deňizlerde diýen ýaly ýaşaýar.Bu balyklaryň uzynlygy ortaça, 335 sm (iň ulusy 400 sm), agramy 205 kg-a çenli bolýar.Süňk balygy (Albula vulpes): Ýuwaş ummanynyň gündogarynda hem-de Atlantik ummanynyň günbatarynda ýaşaýan bu jandaryň tizligi 64 km/s.

Uzynlygy ortaça, 35 sm (iň ulusy 104 sm), agramy 10 kg-a barabar.Gylyç balygy (Xiphias gladius): ähli ummanlarda we deňizlerde diýen ýaly ýaşaýan bu balyk 63 km/s tizlik bilen ýüzüp bilýär.

Uzynlygy ortaça, 300 sm, agramy 650 kg bolýar.Dört ganatly uçýan balyk (Hirundichthys affinis): ortaça uzynlygy 24 sm, tizligi sagatda 56 km-e ýetýär.Bir ýyl ýaşaýan balyk deňiz kenarlaryna golaý ýerlerde ýaşaýar.Tarpon (Megalops cyprinoides): iň ýyndam balyklaryň ilkinji onlugynyň soňky basgançagyndaky bu jandaryň sagatdaky tizligi 56 km-e ýetýär. 44 ýyl ömri bolan bu jandarlar Hindi we Ýuwaş ummanlarynda ýaşap, iň ulusy 150 sm bolýar.

Ýene degişli makalalar

Piller barada nämeler bilýäris?
Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satuwa çykaryldy
01.11.2017 | Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
02.12.2017 | Aşgabatda önümçiligiň tehnologiýalarynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Türkmen paýtagtynda açylan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan sergi tehnologiýadaky öňe gidişligi görkezdi