Iň ýogyn agaç

Ýer ýüzünde agaçlaryň dürli görnüşleri gabat gelýär.Bu ösümlikler boýy, sütüniniň giňligi, şahalarynyň ýaýrawy, köküniň uzynlygy, tutýan göwrümi, ýaşy ýaly ugurlarda bir-birinden tapawutlanýar. “Adansoniýa” atly agaç iň ýogyn agaç hasaplanýar.

Afrikada, Hindistanda we Awstraliýada ösýän bu ösümligiň sekiz görnüşi bar. Ösümligiň ady ony ilkinji gezek ylmy taýdan öwrenen fransuz botanigi Mişel Adanson bilen baglanyşyklydyr. “Baobab” hem diýilýän bu ösümligiň “maýmynyň çöregi”, “çüýşe agajy” ýaly atlary hem bar. “Maýmynyň çöregi” diýilmeginiň sebäbi maýmynlar onuň miwelerini gowy görýär. “Çüýşe agajy“ diýilmeginiň sebäbi bolsa, gurak tebigatda ösýändigine garamazdan, bu ösümligiň düzüminde köp mukdarda suw bolmagydyr. Şol sebäpli kähalatlarda tokaýda ýangyn döräninde bu agaçlar ýanman galýar.

Diametri 15 metre ýetýän bir agajyň düzüminde 115 tonna suw saklanýandygy anyklanypdyr. Ösümlik ýagyşly möwsümde suw ýygnaýar. Şol döwürde agajyň düzüminiň 76 göterimi suwdan ybarat bolýar. Ýerli ilat guran agaçlaryň ýokarsyny kesip, ortasyndaky köwegi suw saklamak üçin hem peýdalanýar.

Agajyň boýy 40 metre çenli ýetýär.Onuň ýapraklaryndan, miwesinden, kölegesinden peýdalanýan onlarça jandar bolup, kiçiräk ekoulgamy döredýär.Baobabyň gabygynyň astyndan alynýan süýümden ýüp, sebet, egin-eşik ýaly zatlar taýýarlanýar.

Onuň artylan gabygy gysga wagtdan gaýtadan ösüp çykýar.Agajyň miwesi, ýapraklary we gülleri iýmit hökmünde peýdalanylýar.Guradylan ýapraklarynyň dermanlyk häsiýeti bar.Miwesinden süýji şerbetler taýýarlanýar.Jahankeşdeler bu täsin ösümligi görmek üçin alys ýurtlardan gelýärler. Şeýle agaçlaryň biri Senegalyň Žoal-Fadiut şäheriniň golaýynda ösýär. Ýerli halk belli baýramçylyklarda onuň töwereginde ýygnanýarlar. Şol agajy görmäge ýörite barýanlar üçin bolsa, onuň töwereginde jahankeşdelere hyzmat edýän dürli dükanlar we beýleki desgalar bar.

Bu agajyň 2000 ýaşyndadygy çaklanýar.Deňiz derejesinden 450-600 metr belentlikde ösýän bu ösümlik tebigy we emeli usulda köpelýär.Baobablaryň 6 görnüşi Madagaskar adasynda, bir görnüşi Awstraliýada ösýär.

Hünärmenler bu agajyň gaty daşly miwesiniň uzak wagtlap zaýalanman saklanýandygyna ünsi çekip, müňlerçe ýyl ozal umman tolkunlary arkaly Awstraliýa baryp ýetendigini we şol ýerde köpelendigini çaklaýarlar.XIII asyryň başlarynda bolsa söwdagärleriň Hindistana äkidendigi çak edilýär.

Bu täsin agaç “Şa ýolbars”, “Madagaskar” we beýleki multfilmlerde hem suratlandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň täsin ösümlikleri
Suwsuzlyga çydamly ösümlikler
Boaodaky Aziýa forumyna 60 ýurtdan 2 müň wekil gatnaşýar
BAF Hytaýy dünýä birikdirýär
Ýurdumyzyň binagärlik keşbine ýokary baha