Iň ygtybarsyz Toyota ulaglary agzaldy

Iň ygtybarsyz Toyota ulaglary agzaldy

Toyota GR Supra sport kupe ulagy ýapon önümçilikçisiniň soňky 20 ýylda iň ygtybarsyz ulagy diýlip yglan edildi. Bu barada Hotcars portalyna salgylanýan Gazeta.ru habar berdi. Ýagny J.D. Power we Consumer Reports kompaniýalarynyň hünärmenleri bu ýapon kompaniýasynyň ulaglarynyň ygtybarlylyk, tehniki hyzmat, eýeleriň bahalandyrmalary barada maglumatlary seljerdiler.

Habarda ady agzalan kysymyň eýeleriniň üç litrlik benzin hereketlendirijisiniň ýagy köp sarp edýändiginden nägilelik bildirýandikleri bellenýär. Mundan başga-da, ulagyň durzuş ulgamy we howpsuzlyk kemeri bilen bagly kemçilikler döreýär.

Toyota bZ4X kysymy hem pes ygtybarly ulag hasaplanýar, onuň esasy kemçiligi tekerleriniň hereket wagty sypmak töwekgelçiligi döreýär. Käbir eýeleri ulagyň akkumulýatory bilen bagly kemçiligi hem bellediler.

Iň ygtybarsyz ulag hökmünde Toyota Sienna miniweni agzaldy diýlip, habarda aýdylýar. Onuň esasy kemçilikleri tiz hatardan çykýan süýşürilip açylýan gapysy, jaýryk atýan abzal paneli hem-de kislorod datçiginiň näsazlygydyr.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi
7-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Maryda hususy eýeçilikdäki awtoulag satylýan duralgalar köpçülikleýin ýapylýar
Sürüji ýetmezçiligi sebäpli, döwlet taksileriniň ençemesi işlemeýär
Zyýarat kerweni heläkçilige uçrady, 15 adam wepat boldy
Maryda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy